Untitled Document
TürkmençeRussian (CIS)English (United States)

LOADING
Ahal ýaýlasynda Nowruz baýramçylygy başlandyTürkmenistanda Halkara Nowruz baýramy bellenilýärGaraşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkynaTürkmenistan belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagynda giň möçberli dabaralary guraýarTürkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gutlag hatlaryAşgabatda döwlet Baştutanlaryň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildiTürkmenistanyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
NOWRUZ –TEBIGATYŇ TÄZELENIŞINIŇ BAÝRAMY

NOWRUZ –TEBIGATYŇ  TÄZELENIŞINIŇ BAÝRAMY

Nowruzyň taryhy gözbaşlaryny öwrenmek üçin, ony ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyrmak kämil pikir-garaýyş yzygiderligine kybap bolar. Belli arheolog, etnograf alymlaryň ylmy gözlegleri Türkmenistanyň gadymy Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý, Hindistan bilen bir hatarda gadymy medeniýetleriň mekany, ösen siwilizasiýalaryň bäşinji merkezi bolandygyny subut edti. Häzirki döwürde munuň özi dünýä derejesinde ykrar edilen hakykatdyr.

Dowamy
 

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilişi

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilişi

News image

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň  baýramy hökmünde her ýylyň 21-nji martynda–gije-gündiziň astronomik taýdan ýazky deňleşýän güninde döwlet derejesinde giňden bellenilip...

Dowamy

Nowruz baýramynyň beýleki ýurtlarda bellenilişi

Nowruz baýramynyň beýleki ýurtlarda bellenilişi

News image

Taryhçy N.P.Lobaçewanyň “Orta Aziýanyň ekerançylarynyň senanama däpleriniň  taryhyndan” atly işinde belleýşi ýaly, adyllykda, parasatlylykda ady rowaýata öwrülen patyşa Hysrow Anuşirwanyň döwründe Nowruz günleri toý saçaklarynda dürli däneleriň (bugdaýyň, arpanyň, mekgäniň, nohudyň, tüwiniň, künjiniň, noýbanyň we ş.m.) unundan bişirilen çörek, gyzdyrmalar goýlupdyr. Olaryň üstüne 7 agajyň – söwüdiň, zeýtunyň, beýiniň, naryň we ş.m. agaçlaryň çybyklaryny atypdyrlar. Saçagyň üstünde 7 sany ak käse, 7 dirhem, dinar pullary, ýüzärlik, mundan başga-da, süýt, peýnir, reňklenen ýumurtga goýlupdyr. Patyşanyň öňünde ak gant, kokos hozy, hurma atylan süýtli naharlar goýlupdyr. Täze ýylda bol hasyl bolsyn diýen niýet bilen, owaldan gelýän däbe görä, Nowruzdan 25 gün öň ýörite meýdançada 7 dürli dänäniň tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Toý saçaklarynyň üstünde keramatly şemler ýakypdyrlar. Etnograf A.Nеgmаtiniň “Gadymy täjikleriň we olaryň ata-babalarynyň ekerançylyk senenamasy bilen bagly däpleri” atly işinde Nowruz baýramynda gyzyldan ýasalyp gymmatly daşlar oturdylan ýüzügiň, ok-ýaýyň, atyň, laçynyň ähmiýetine uly üns berlipdi...

Dowamy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

News image

Türkmenistanyň Halkara Nowruz baýramyny özüniň goňşy we doganlyk halklary bilen bilelikde bellemeginiň dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanan gatnaşyklary ösdürmegi ileri tutýandygynyň aý...

Dowamy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy

News image

№64/253 Baş Assambleýa, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini,hususan-da, halkara hyzmatdaşlygyny ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda amala aşyrmak ma...

Dowamy
Банэр